DÄP-DESSURLAR


Türkmenlerdäki däp-dessurlar barada Türkmenistanyò Prezidentiniò ıanyndaky Ylym we tehnika baradaky ıokary geòeºiò, Magtymguly adyndaky Dil we edebiıat institutynyò folklor bölüminiò müdiri, filologiıa ylymlarynyò kandidaty Gurbanjemal Ylıasowa gürrüò berıär.

Çaga toılary

I. Diº toıy

tkmgyz.jpg (3322 bytes)Diº toıuny bellemek hem halk döredijiliginiò iò gadymy görnüºlerinden biri bolan yrymlar bilen baglanyºyklydyr. Umuman türkmen halkynyò arasynda ıaº çaganyò dogulmagy bilen ençeme yrym-ynançlar amala aºyrylypdyr. Täze doglan çaga çileli hasaplanypdyr, ıagny täze doglan çaganyò ıatan jaıyna ıaº gelin, ıaº çagaly aıal, merhumy jaılap gelen gölegçi, eli etli, ıumurtgaly adam gelmeli däl ekeni. “Birden çaga çile düºmegi mümkin, endamyna gyzyl örgün, ıara çykmagy ahmal, ıa-da ejesine çile düºse, soò çagasy bolmaz” diıen ıaly yrym-ynançlara eıeripdirler. “Çile” diıilmegi, umuman, bir ıaramazlygy aòladıar.

ªu ıagdaılary göz öòünde tutup, türkmenler maºgalada ıaº çaga dünıä inende onuò terbiıesine ıeterlik üns beripdirler, ony ähli bela-beterlerden gorap saklamaga çalºypdyrlar. ªu maksatlar bilen dürli yrym-ynançlar amala aºyrylyp, olaryò ençemesi hem däp-dessura öwrülip gidipdir.

İaº çaga bilen baglanyºykly ıerine ıetirilıän däp-dessurlaryò biri hem diº toıudyr.

Käbir wagtlarda çaga doglanda diºli dünıä inipdir, onda çagajygyò üstünde piºme, süıji, teòòe seçer ekenler, gyz bolsa adyna Sadap dakypdyrlar, sadap duiºinden monjuk ıa-da baºga bir ºaı-sep dakar ekenler. Çaga 1 aılyk, 2-3 aılykda diº çykan wagtlary hem gabat gelipdir. Emma köplenç ıagdaılarda 6-7 aılykka ıaº çaga diº çykıar, bu kadaly ıagdaı hasaplanypdyr. Çaganyò ilkinji diºiniò çykmagy bilen maºgala agzalarynyò ählisi gyzyklanypdyrlar. Her kim çaganyò diºini ilkinji bolup görmäge howlugypdyr. Kim diº çykyp gelıänini ilki görse, çaganyò ene-atasy ºoòa halat edipdir. Çünki bu ıaº çaganyò ösüºiniò esasy basgançaklaryndan biri bolupdyr, ºondan soò çagajyk iımiti iımäge türkgenleºip baºlaıar, bu waka ata-enäni ºeıle begendiripdir, ylaıta-da ıaº ene bilen ata bu waka uly höwes bilen garaºypdyr. Maºgaladaky ıaºulylar hem bu waka sabyrsyzlyk bilen garaºypdyrlar, bu häzirki döwürde-de ºeıle, bu däbe öwrülip giden yrym görnüºini üıtgetmän saklanyp gelipdir.

Geçmiºdde ıaº çagajygyò çykjak diºleri “hünji ıaly hatara düzülip, owadan bolup bolup dursun” diıen ıagºy niıet bilen ıaº çagany guzyjygyò üstünde oturdypdyrlar. “Eger-de ıaº çagajygy atyò ıa-da eºegiò üstünde oturdaısaò, onda onuò diºleri iri, gelºiksiz bolar” diıen ynanja gulluk edipdirler, ºerıle etmezligi ıaºlara-da öwredipdirler.

Ahyry bir gün garaºylan gün gelip ıetopdir, biri diºi görüp, buºlapdyr. İaºulylardan biri barmagyny çaganyò agzynyò içine aılap, diºiò hakykatdan hem barlygyna göz ıetirip, diº toıuna taııarlyk görüp baºlapdyrlar. Käbir taıpa-tirelerde ıa-da barlyrak adamlar diº toıuny has ºowhunlandyrypdyrlar. Emma ähli türkmen maºgalasy hem bu dabarany boº geçirmändir. Nahar ataryp, goòºulary üıºirip, çagany ortarada oturdyp, üstünden toı piºmesini, süıji, teòòe, partak ıaly zatlary seçipdirler. Ulular çagalar höwes bilen çöpläpdirler, uly-ºatlyk ºagalaòlyk bolupdyr.

Seçilıän zatlaryò içinde patrak hökman bolaımaly ekeni. Munyò aòyrsynda yrym ıatyr. “Çykıan diºler partagyò patrap çykyºy ıaly, patraºyp, çalt çyksyn” diılip arzuw edilipdir. Çaganyò üstünden toı seçıän mamasy ıa-da enesi bolupdyr. Ol seçip duran wagty “Seniòem diºçjagazlaryò ºu patrak ıaly patrap çyksyn, mekge ıaly hatarlansyn, kemputlary kytyrdatsyn, ak gurtlary hatyrdatsyn (diºiòe gurt düºmesin) daºa degse döwülmesin, ömür-ömür kütelmesin” diıen sözleri gaıtalapdyr. Arzuwlarynyò amala aºmagyny Alladan diläpdirler. ªeılelikde kiçiräk bir çaklaòja ºagalaò edipdirler.

Döwür üıtgäp durıar, häzir hem köne däp-dessurlarymyza doly dolanylmagy netijesinde ºeıle yrym-ynançlar erine ıetirilıär, dabaralar geçirilıär. Dogry, döwre görä, seçilıän zatlar üytgäp biler, ıöne patrak hökman bolaımaly zat ekeni, bu häzirem ºeıle, çünki diºler patrak ıaly patramaly. Göräımäge, ıönekeı zat ıaly bolsa-da, diº toıy çaganyò durmuºynda esasy wakalardan biri hasaplanylypdyr.


II. Galpak toıy

Türkmenlerde ıaº çaganyò durmuºynda bolup geçıän dabaraly wakalaryò biri galpak toıudyr, ıagny çile galpagynyò syrylmagydyr. “Çile galpagy” diıilmegi, çaganyò doglandaky saçyny aòladıar. Kä çaga doglanda saçlak bolup dogulıar, käbir çaganyò saçy selçeò bolıar. Çile galpagy ıüpek ıaly mymyk, ıumºak, näzik bolıar. Emma türkmenler arasynda bir yrym bar, “çile galpagy näçe mymyk, ıumºak bolsa-da, örän agyr bolıar, çagany eıikdirmeıär, ony götermek kyn bolıar”. ªonuò üçin hemçaga 1 ıaºyna baranda, onuò ıüpek ıaly galpajygy syrylypdyr. Oa enli owadanlyk üçin hem-de çaga kiçi bolany üçin saklanylypdyr. Käbir taıpa-tirelerde çile saçynyò iki ıaºynda syrylıan wagty hem bolıar. Geçmiºde käbir wagtlarda yzyndan çaga bolıança, galpagynyò syrylmaıan wagtlary hem gabat gelipdir. aganyò çile galpagynyò syrylmagy dürli yrymlar bilen utgaºyp gidıär. Çaganyò ilkinji galpagyny daıysy syrmaly. Bu yrym häzirki günlerde hem dowam edip gelıär. Egerde daıysy saç syryp bilmese, oòa iò bomanda päki degrip goımaly, onsaò baºga kiºi syrybermeli. Türkmenlerde daıysy saç syranda oòa halat edilıär. Eger ºol syrmasa-da, yrym edilip ºoòa halat edilıär. Eger-de daıysy syrmasa ıaramaz bolmagy mümkin diıip, halk arasynda dürli yrymlar edilıär ekeni. Türkmen halky bolsa dürli yrym-ynançlara uııan ekeni. Yzarlap görsek, “daıysy saçyny syrmadyk çaga, ulalanda ogry ıa-da bagtsyz çaga bolup ıetiºıär” diıen ynanç halk arasynda ıaºap gelıän ekeni. ªol wehim bilen her bir adam öz çagasynyò saçyny (galpagyny) daıysyna syrdyrmaga çalyºıan ekeni.

baºga tarapdan mesälä garalanda hem türkmenlerde daıy uly hormata mynasyp. “It- ata, är-daıa” diıen nakyl hem ıönelige döremedik bolsa gerek. Türkmenler “daıa meòzän çagany gowy çaga bolup ıetiºer” hasaplapdyrlar. Geçmiºden galan däp hökmünde yrym edilip, ºu günlerde hem çaga bir ıaºa ıetende onuò galpagy daıysyna syrdyrylıar-da, üıºmeleò, toı tutulıar. İöne köneden gelıän yrymlaryò birentegi bu günki günde çalyºyp gidipdir. Mysal üçin, oglanjyklaryò galpagy syrylanda, gulpak goıar ekenler, ºol gulpak käbir wagtlarda tä öılenıänçä bolupdyr, öılenensoò ayrypdyrlar.

Gyzjagazlaryò galpagy syrylanda ıa-da soòrak birneme ulalansoò, maòlaı saç, gulpak, çokul (ıeòseden), zülp goıdurypdyrlar. Bu yrymlar bu günler galyºyp gidipdir. Galpak indi tutuºlugyna syrylıar. “Çile saçy bagt getirıär” diıen yryma eıerip, ºol galpak saçdan bir bölejigini gyzlaryò tikin salıan bukjalaryna çatyp goıupdyrlar. Bu häzirki günlerde hem yrymçyl adamlaryò arasynda duº gelmän duranok. Oglanlarda gulpagyò goıulmagy hem diòe ıagºy niıetler biler amala aºyrylıar ekeni, emma gönüden-göni sebäbini gürrüòdeº bolan garrylarymyz bilip bilmediler. Galpak syrylanda türkmenlerde toı edilıär, käbir wagtda syrylan pursatynda, käwagtda bolsa soòraklar toı edilıär. ªol toıa “galpak toıy” diıilıär. “Galpak toıy” käbir taıpalarda uludan tutulıar, mysal üçin saryklarda uly toı tutulıar, bagºy aıtdyrylıar, göreº tutdyrylıar, käbir taıpa-tirelerde bolsa kiçiräk toı tutulıar. Geçmiºdäki yrym-ynançlarymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmek taryhymyzy öwrenmekde hem ähmiıetlidir.